Türkmenistan halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmäge tarap täze ädim ätdi. Indi Halkara ýol ulagynyň (HÝU) ulgamyny ýa-da TIR-EPD ulgamyny ulanýan ýük ulaglary üçin “Ýaşyl geçelgeler” doly güýjünde işleýär. Munuň özi, indiden beýläk sürüjileriň serhetde uzak nobata durmajakdygyny aňladýar, oňa derek olar ýörite zolaklar boýunça gümrük barlagyndan geçip bilerler diýip, RŽD-Partnýor habar berýär.
Halkara awtomobil ýük daşamalarynyň Belarus birleşigi Türkmenistanyň barlag-geçiriş nokatlarynda TIR-EPD-sy bolan ýük ulaglaryň geçmegi üçin ýörite penjireleriň we zolaklaryň döredilendigini habar berdi. Şol bir wagtda bu çäräni tizleşdirmek üçin ýük gatnadyjylary halkara gümrük ulgamy bilen bagly bolan ýörite maglumat ulgamynyň üsti bilen edaralary geljekdigi barada öňünden habardar etmeli.