“Az-Tex-Import” kärhanasy Russiýa, Gruziýa, Eýrana we Türkmenistana Iveco kysymly Azerbaýjanda öndürilen ýük awtoulaglaryny eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Sumgaýyt himiýa senagat parkynyň ýolbaşçysy, kärhananyň esaslandyryjysy Samir Ibadullaýew habar berdi diýip, THP Report agentligine salgylanyp habar berýär.
Az-Tex-Import kärhanasyny şu ýylda işe girizmek meýilleşdirilýär, häzirki wagtda zawodda gurluşyk işleri tamamlanyp barýar, ýakyn aýlarda enjamlar oturdylyp başlanar.
90 adamy hemişelik iş bilen üpjün etjek kärhananyň innowasion bahasy 19,2 mln manat. Täze kärhana ýylda 100 sany az, orta we uly tonnaly ýük awtoulaglaryny öndürmäge niýetlenen diýip, çeşme habar berýär.