Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň “Zergär” şahamçasynyň giň gerimli abatlaýyş işleriniň ikinji tapgyry tamamlanýar. Täze rezerwuarlaryň oturdylmagy we infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde saklanyş möçberleri düýpli artdyrylar we nebit önümleriniň iberilişiniň netijeliligi ýokarlanar. Bu bolsa, Lebap welaýatynyň sarp edijilerine ýangyjyň bökdençsiz iberilişini üpjün eder.
Öň bu ýerde “Zergär” iri şahamçasynyň düýpli abatlaýyş işleriniň birinji tapgyry üstünlikli tamamlandy. Häzirki wagtda gurluşykçylar ikinji tapgyryň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda üns jemleýärler.
Sarp edijileri ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin bu ýerde benzin we dizel ýangyjyny saklamak üçin umumy göwrümi 10 müň kub metr bolan 6 sany täze rezerwuar oturdyldy. Şeýle hem çalgy materiallaryny saklamak üçin her biri 100 kub metr bolan 8 sany rezerwuar bar. Şunuň bilen ugurdaş täze kommunikasiýalary çekmek, ýangyn gidrantlaryny gurmak we şahamçanyň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
“Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň Lebap welaýaty boýunça hojalyk müdirliginiň gurluşykçylarynyň ýokary hünär taýýarlygy netijesinde şahamçanyň abatlaýyş işleri ýokary depginde we bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.
Türkmenabat nebitönümleri kärhanasynyň “Zergär” şahamçasynyň täze kuwwatlyklary ulag guramalaryny we kärhanalaryny, hususy awtoulag eýelerini ýangyç bilen üpjün etmekligi gowulandyrar, şeýle hem Lebap welaýatynda nebit önümleriniň saklanylyşynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrar.
Bu taslama Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekligiň aýdyň mysaly bolup durýar.