Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi maslahatlaşyldy

20-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň möhüm taraplary we wajyp ugurlary dogrusynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleri nygtaldy.

Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmakda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeler formatyna oňyn baha berdiler. Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we özara maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşdylar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993