SOCAR kompaniýasynyň prezidenti OGT-2024-iň işine gatnaşar

SOCAR kompaniýasynyň prezidenti OGT-2024-iň işine gatnaşar

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” (OGT-2024) halkara maslahaty we sergisi geçiriler.

Forumyň köpsanly daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň hatarynda sergä Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) hem gatnaşar. Onuň wekiliýetine kompaniýanyň prezidenti Rowşan Najaf ýolbaşçylyk eder. Ol maslahatda çykyş eder diýip, çäräniň guramaçylary habar berdi.

Bellenilişi ýaly, OGT-2024 energetika ulgamynyň durnukly ösüşi hem-de ýurduň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm meýdança bolar. Bu halkara maslahat sebit hyzmatdaşlygynyň giňeltmäge, maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de uglewodorod serişdeleriniň ösüşiniň ekologiýa jähtlerini maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993