Awgust aýynyň dowamynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň 5-si iki hepdelik önümçilik tejribeligini, üç sany mugallymy bolsa bir hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmäge Malaýziýa ugradyldy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.
Saparyň çäginde Petronas tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen duşuşyklar geçirildi. HNGU-nyň mugallymlary bu bilim ojagynda okuw, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde bolmagyň çäginde talyplardyr mugallymlar «PETRONAS» kompaniýasynyň önümçilik desgalaryna, dolandyryş edaralaryna hem baryp görerler.
Bu sapar Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýalar uniwersiteti hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň esasy hyzmatdaşlarynyň hatarynda möhüm orny eýeleýär. Tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan HNGU-nyň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça yzygiderli okuwlar guralýar.