Ulag, energetika we beýleki ugurlarda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň meseleleri maslahatlaşyldy

Ulag, energetika we beýleki ugurlarda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen geçiren duşuşygynda ulag, energetika, ekologiýa we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda taraplar dostlukly we ynamdar syýasy dialoga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berip, ulag, energetika, ekologiýa ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berildi. Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda iki ýurduň we halkyň dost-doganlygynyň nyşanyna öwrüljek Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada jikme-jik pikir alyşdylar.

Bu mekdebiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda bolup geçendigi bellärliklidir.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993