Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini we ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitiň, gazyň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini, ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň, taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertleri göz öňünde tutup, däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi we türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, “Dragon Oil” kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Belläp geçsek, Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd hem-de Türkmenistanyň Hökümeti 2000-nji ýylda Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Bu Ylalaşyk kompaniýa Jeýtun we Jygalybeg känlerini öz içine alýan “Çeleken” deňiz Blogynda nebiti we gazy çykarmak üçin 25 ýyllyk ygtyýarnama berdi.

2022-nji ýylyň iýulynda “Türkmennebit” döwlet konserni we Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. kompaniýasy Ylalaşygyň möhletini 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak hakynda resminama gol çekdiler. Kompaniýanyň esasy wezipesi “Çeleken” şertnamalaýyn çäginden nebitiň çykarylyşyny artdyrmak bolup durýar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993