“Türkmengaz” DK-nyň “Şatlyk” şypahanasy: dynç alyş hem sagaldyş

“Türkmengaz” DK-nyň “Şatlyk” şypahanasy: dynç alyş hem sagaldyş

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Şatlyk” şypahanasy eýýäm 40 ýyldan gowrak wagt bäri nebitgaz pudagynyň işgärlerine ýokary hilli hyzmatlaryny hödürläp gelýär.

Mary welaýatynda Garagum derýasynyň kenarynda ýerleşýän sagaldyş-öňüni alyş edarasy sagaldyş çäreleriniň giň toplumyny teklip edýär. Şypahananyň ýokary hünär taýýarlykly lukmançylyk işgärleri her bir myhman üçin sagaldyş çäreleriniň indiwidual maksatnamasyny taýýarlap berýär.

Şypahananyň çägi – bu ajaýyp tebigy künjek. Onuň saýaly seýilgähleri, ter otly meýdanlary saglygyňy berkitmek hem-de güýjüňi dikeltmek üçin oňaýly şertleri döredýär.

– Biziň şypahanymyz ýylyň dowamynda meşhurlykdan peýdalanýar. Tebigy howa gurşawy dürli ýaşdakylary özüne çekýär. Tebigy şertleriň we döwrebap lukmançylyk tehnologiýalarynyň utgaşmasy iň netijeli şypa beriji täsiri döredýär – diýip, şypahananyň müdiri Bäşimdurdy Jumadurdyýew aýdýar.

Bir ýüz dört adama niýetlenen şypahanada daýanç-hereket ediş apparatynyň, nerw ulgamynyň we dem alyş ýollarynyň bejergisini alyp bolýar. Bu ýerde bejerginiň innowasion usullary we öňüni alyş çäreleri, şol sanda – fizioterapiýa – ozokerit parafinini ulanmak arkaly bejergi, Mollagaranyň sagaldyş palçygyny ulanmak arkaly palçykly bejergi, massaž we beýleki bejeriş çäreleri bar.

Bir müň alty ýüz metr çuňlukdan çykarylýan kükürt wodorodly suw hem saglygyňy berkidýän esasy serişdeleriň biri bolup durýar. Ol aýratyn hem rewmatizm we deri kesellerinde peýdalydyr diýip, lukmanlar belleýär.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993