Türkmenistanyň wekilleri RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda gurnalan Türkmen-Tatar Bilelikdäki iş toparynyň mejlisine we Nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy diýip, THP habar berýär.
“Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinde geçirilen forum pudaklaýyn kärhanalaryň arasynda işewür hyzmatdaşlygy halkara derejesinde giňeltmek, häzirki zaman tehnologiýalary we enjamlary ilerletmek, şeýle hem pikir alyşmak, pudagyň ileri tutulýan ugurlary boýunça maglumat almak üçin netijeli meýdança bolup durýar.
Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe resmi duşuşyklary geçirdi. Olarda hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti maglumat tehnologiýalary we atmosfera howasynyň hapalanmagynyň awtomatizasiýasy ulgamynda işläp taýýarlamalaryny maslahatlaşmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi.