Türkmenistan Eýrana iberilýän tebigy gazynyň möçberini artdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýrana iş saparynyň çäklerinde Prezident Masud Pezeşkian bilen geçiren gepleşiklerinde belledi diýip, TDH habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda gaz pudagy ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we türkmen tarapynyň Eýrana iberilýän gazyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi.
Bu maksada ýetmek üçin bar bolan gaz geçiriji infrastrukturany täzelemek, täze desgalary gurmak we munuň üçin maýa goýmak zerur bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäginde iki sany täze gaz gysyjy desgany we 125 kilometrlik täze gaz geçirijini gurmagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Munuň özi Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň goşmaça möçberini «Çaloýuk» gaz ölçeýji desgasyna çenli akdyrmaga mümkinçilik berer.
Bu baradaky gürrüňiň dowamynda ýakyn geljekde “swap” usuly arkaly türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.