Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdiler

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdiler

30-njy awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň duşuşygynyň netijeleri boýunça ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” döwlet kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda “Turgundy” demir ýol bekedinde guruljak desgalaryň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda gurulmagy meýilleşdirilýän Turgundy — Hyrat demir ýolunyň ugrundaky, takmynan, 22 kilometrlik Turgundy — Sanabar böleginiň iş meýilnamasy, “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasy bilen Owganystanyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasy babatda kabul edýän tarapynyň Hökümeti bilen Ylalaşyk bar.

Bellenilişi ýaly, duşuşyk Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen geçirildi.

Ýangyç-energetika pudagy türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasyna üns çekildi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993