Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini ýedi aýyň jemleri boýunça 6,3% boldy

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini ýedi aýyň jemleri boýunça 6,3% boldy

Ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.

Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,1 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 7,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1 göterim artdy.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi, hususan-da, durmuş maksatly we düzümleýin desgalaryň gurluşygy boýunça görkezijiler beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, täzeleriniň işini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993