AÖB durnukly ykdysadyýete “ýaşyl” geçişde Türkmenistany goldar

AÖB durnukly ykdysadyýete “ýaşyl” geçişde Türkmenistany goldar

Aziýa ösüş banky hereketlendiriji güýji innowasion hususy telekeçilik bolan bäsdeşlige ukyply, diwersifisirlenen we ylmy bilimlere esaslanýan ykdysadyýete gönükdirilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny işe girizdi diýip, bankyň sebitleýin edarasy habar berdi.

2024-2028-nji ýyllary öz içine alýan täze strategiýanyň çäklerinde Aziýanyň Ösüş bankynyň işi ileri tutulýan strategiki ugurlaryň üçüsine gönükdiriler: howa şertlerine durnukly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmekde ýardam bermek; hususy telekeçilige we adam maýasyna üns çekmek bilen diwersifikasiýa arkaly ykdysady bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak; düzümleýin özgerişlere we institusional ösüşe ýardam bermek.

Täze strategiýa ýurduň “ýaşyl” ykdysadyýete geçişini, şol sanda energiýa netijeliligine, energiýanyň täzeden dikeldilýän serişdelerine maýa goýumlaryny hem-de uglerod zyňyndylarynyň pes derejeli synag taslamalaryny we syýasy özgerişleri öz içine alar. Bank ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksatlaryna laýyklykda kömürturşy gazlary we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uzakmöhletleýin meýilleri işläp taýýarlamakda Türkmenistana ýardam etmegi dowam etdirer.

Bank eksporta niýetlenen hususy telekeçiligi döretmäge ýardam edip, içerki maliýe institutlaryna, şol sanda eksport bazaryna gönükdirilen kiçi we orta kärhanalaryň maýa ygtyýarlyklaryny gowulandyrmakda öz goldawyny dowam etdirer.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993