Stokgolmda türkmen-şwed syýasy geňeşlemeleri geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berilýär.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy Tobias Tiberg ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşyklaryň barşynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga garşy göreşmek, ekologiýa, ulag we energetika ýaly ählumumy we sebit gün tertibine degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň, ÝHHG-niň we ÝB-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmagyň ähmiýeti hem nygtaldy.
Türkmen tarapy Şwesiýanyň wekiliýetini Türkmenistan tarapyndan guralýan dürli çärelere gatnaşmaga çagyrdy we ýokary derejedäki duşuşyklary guramak üçin halkara meýdançalary ulanmagy teklip etdi.
Taraplar Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmegiň we hyzmatdaşlygyň täze formatlaryny öwrenmegiň wajypdygy barada ylalaşdylar.
Türkmen wekiliýeti şeýle hem Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa-Atlantik işleri we howpsuzlyk syýasaty boýunça Baş direktory Torbýorn Solstrýom bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda şwed tarapy Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Esasy ugurlaryň hatarynda parlamentara gatnaşyklary we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy bellediler.