Türkmenistandan Türkiýä çenli Hazar deňziniň düýbi bilen gaz geçirijisiniň döredilmegi bu ýurtlar üçin bähbitli bolar we Ýewropa Bileleşiginiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge kömek eder. Bu barada žurnalistlere ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud habar berdi diýip, TASS belleýär.
“ABŞ türkmen ykdysadyýetini ösdürmek üçin köp sanly ugurlar boýunça türkmen gazyny eksport etmekligi hemişe goldaýar. Biz Hazar deňziniňdüýbi bilen Türkiýä çenli geçiriljek, soňra bolsa, ýewropa bazarlaryna ýetiriljek gaz geçiriji infrastrukturany döretmekligiň Türkmenistan üçin bolşy ýaly, Türkiýe we ÝB üçin hem bähbitli boljakdygyna ynanýarys. Bu şeýle hem ýewropa döwletleriniň energetika howpsuzlygyny hem üpjün ederdi” diýip, Rud belleýär.
TASS-yň şeýle hem bellemegine görä, Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistana geldi we türkmen gazyny türk we ýewropa bazaryna ibermek babatda ýokary derejede gepleşikleri geçirdi. 2024-nji ýylyň maý aýynda Türkiýe we Azerbaýjan gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi. Bu resminama Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen 2 mlrd kub metr möçberde türkmen gazyny üstaşyr geçirmegi göz öňünde tutýar.