Hökümetiň mejlisinde “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça meselelere garaldy

Hökümetiň mejlisinde “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça meselelere garaldy

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işleri üçin zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, bu gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek babatda zerur işler geçirilýär. “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynda ulanmaga berlen önüm berýän gaz guýularynyň bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, goşmaça gaz guýularynyň birnäçesini burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Olary ýörite enjamlar bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgazly ýataklary tiz özleşdirmek hem-de  täze guýulary burawlamak üçin toplumy döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek zerurlygynyň ýüze çykýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993