Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Hajy Mohamad bin Hajy Hasanyň ýolbaşçylygyndaky Malaýziýanyň wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň, YHG-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklara we syýasy-diplomatik ugur boýunça amala aşyrylýan hyzmatdaşlyga hem garaldy.

Söhbetdeşler sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny nygtadylar.

Şeýle-de ministrler söwda-ykdysady, ylym, medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993