10-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň Prezidentine Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.
Döwlet Baştutany bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjek möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti onuň saparyň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýany deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.
Iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigine üns çekildi. Nebitgaz pudagy Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu ugurda ýurtlarymyzyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi.
Bellenilişi ýaly, kompaniýa köp ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň taslamalaryna gatnaşýar. Nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barýar.
Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň möhüm orny bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti bu babatda şu ýylyň ahyrynda Malaýziýa amala aşyryljak saparyň ähmiýetini nygtap, onuň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.