Türkmenistanyň we Yragyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlikde ýokary derejedäki saparlary maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Yragyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlikde ýokary derejedäki saparlary maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň daşary işler ministri Fuad Huseýniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn saparlaryň alşylmagy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Iň ýokary we ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn saparlaryň alşylmagy, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi meselelerine hem aýratyn üns berildi diýip, DIM belleýär.

Ministrler sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ysnyşykly ozara gatnaşyklary dowam etdirmegiň wajypdygy we zerurdygy dogrusynda bellediler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993