Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berýär.
Gazagystan Respublikasynyň paýtagty – Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Bitarap Türkmenistan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge hem-de ählumumy bähbitlere laýyklykda özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär.