Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşygynda şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Duşuşykda taraplar Uhnaagiýn Hurelsuhyň döwlet saparyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdiler diýip, DIM belleýär.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasy edaralarynyň üsti bilen ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk beýan edildi.
Ondan öň, Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň saparyna taýýarlyk meselelerini Raşid Meredow telefon arkaly söhbetdeşlikde Mongoliýanyň DIM-niň ýolbaşçysy hanym Batseseg Batmunhiýn bilen malahatlaşdy.