Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy

20-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan çykarylýan uglewodorod serişdeleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, gaz känlerinde gözleg-barlag, baha beriş-ulanyş guýularyny burawlamak boýunça bilelikde işlenip düzülen degişli meýilnamanyň esasynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleri meýilleşdirildi. Şonuň esasynda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän meýdançalaryň birinde geçirilen buraw işleriniň netijesinde, senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. Munuň özi çykarylýan mawy ýangyjyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Bu ugurda türkmen geologlary tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany täze açylan gaz ýatagyny özleşdirmek üçin ähli zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy we wise-premýere ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993