Türkmenistanyň Prezidenti 2052-nji ýyla çenli Arkadag şäherini ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti 2052-nji ýyla çenli Arkadag şäherini ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Permana gol çekdi. Degişli resminama 25-nji sentýabrda resmi metbugatda çap edildi.

“Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin: Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamaly” diýlip resminamada aýdylýar.

Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we Arkadag şäheriniň häkimligi şu Permanyň birinji böleginde görkezilen Konsepsiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün eder.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, “Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gurlan «akylly» şäher — Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň bir ýyllygy ýokary derejede bellenildi. Ýakynda Koreýa Respublikasynda guralan halkara sergide bolsa Arkadag şäheri üç sany baýraga mynasyp boldy”.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry dowam edýär.

2026-njy ýyla çenli onuň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, senagat önümçiliklerine ýöriteleşdirilen desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berler. Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy geljekde hem dowam ederis. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993