Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlara tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň iberilmegini giňeltmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Aragçiniň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň ýyllyk duşuşygynda beýan etdi. Muny Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
“Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem üns berlip, Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza döwletleri tebigy gaz we elektrik energiýasyny ibermegiň mümkinçilikleri giňletmäge taýýardygyny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň ýokary derejedäki duşuşyklary guramak mümkinçiliklerini hem göz öňünde tutup, energetika we suw meselelerini çözmekde öňdebaryjy orun alyp biljekdigi bellenildi” diýlip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Häzirki wagtda YHG 10 döwlet agza bolup durýar: Owganystan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan.