Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

28-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda dușuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem Owganystany öz içine almak bilen sebit parahatçylygy we howpsuzlygy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan owgan halkyna yzygiderli berilýän kömege we goldawa ýokary baha berildi.

Taraplar BMG-niň Baş Sekretarynyň şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň üstünlikli guralmagy hem-de onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we onuň Alyhezreti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça bir pikire geldiler. BMG-niň ýolbaşçysy saparyň ýokary guramaçylyk derejesi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

R.Meredow Owganystana kömek meselesinde 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde birnäçe iri ulag we energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň halkyna kömek etmek ugrundaky yzygiderli syýasatyň aýdyň mysalydygyny belledi. Şeýle hem bu taslamalaryň halkara hukuk kadalarynyň çäginde takyk durmuşa geçiriljekdigi nygtaldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993