Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri Dubaýda WETEX 2024 halkara sergisine gatnaşýarlar

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri Dubaýda WETEX 2024 halkara sergisine gatnaşýarlar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde 1-3-nji oktýabr aralygynda BAE-de Dubai World Trade sergi merkezinde geçirilýän “Suw, energiýa, tehnologiýalar we daşky gurşaw” (WETEX 2024) halkara sergisine gatnaşýarlar.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU, “Türkmennebit” döwlet konserni we “Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd” kompaniýasy ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekdiler. Ylalaşygyň çäklerinde uniwersitetiň mugallymlary we talyplary ýel energetikasyny ulanmagyň innowasion tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu tehnologiýany Dragon Oil kompaniýasynyň türkmen şahamçasy bilen bilelikde Hazar deňziniň kenarynda önümçilige ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Ýel energiýasyny elektrik toguna özgerdýän enjamyň maketini HNGU WETEX 2024 sergisiniň çäklerinde Dragon Oil-iň pawilýonynda hödürledi.

Halkara sergä 62 ýurtdan 2600 töweregi kompaniýa gatnaşýar. Sergide türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda dünýäniň iň gowy tejribeleri bilen tanyşýarlar.

HNGU-nyň wekilleri 1-nji oktýabrda energetikanyň geljegine, nebitgaz pudagyna ornaşdyrylýan täze tehnologiýalara, metan galyndylarynyň atmosfera zyňylmagyny azaltmaga, nebit galyndylarynyň ekologiýa meselelerine bagyşlanan maslahatlara gatnaşdylar. Maslahatda Dragon Oil we Enoc kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Şarji uniwersitetiniň professorlary çykyş etdi diýip, Orient habar berýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993