6-njy oktýabrda Türkmenistanda Hatyra güni bellenilip geçildi. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Edermen Watan goragçylaryny hem-de tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň möhüm bölegidir. Olary hormat-sarpa bilen ýatlamak ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde örän ähmiýetlidir. Türkmen halkyna mahsus ruhubelentligiň şol ýyllaryň kynçylyklaryny we ýitgileriniň yzasyny ýeňip geçmekde synmaz güýç bolandygyny bellemek gerek.
Hatyra çäreleri paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.
Hatyra gününiň 6-njy oktýabrdaky dynç gününe düşýändigi sebäpli, Prezident Serdar Berdimuhamedow Hatyra gününe düşýän dynç gününi 7-nji oktýabra geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar eden ýertitremede wepat bolan watandaşlarymyz hakydalarda baky ýaşaýar. Sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.