Geologlar möhüm meseleleri üstünlikli çözýärler

Geologlar möhüm meseleleri üstünlikli çözýärler

Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň depginini ýokarlandyrmaklyga uly üns berilýär. Ýokary taýýarlykly hünärmenler islendik pudakda önümçiligiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan halkara derejesindäki täze bilim edaralarynyň açylmagyna uly üns berýär. Şeýle hem dünýä belli kompaniýalaryň nebitgaz pudagy üçin gerek bolan seýsmiki maglumatlary işläp taýýarlaýan we interpretirleýän toplumlaryny öz içine alýan ýokary çözgütli, 3D ölçegli seýsmiki barlag işlerine mümkinçilik berýän enjamlary satyn almak ýola goýuldy. «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleriniň öňünde goýlan möhüm meseleleriň biri Türkmenistanyň iň uly gaz ýatagy bolan «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi bolup durýar.

Häzirki wagtda «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleri «Galkynyş» gaz känini öwrenmegiň 3-nji tapgyrynda 3D ölçegli seýsmiki barlag işlerini alyp barýarlar, bu bolsa ilkinji iki tapgyrda alnan maglumatlaryň üstüni ýetirer, şeýle hem çuň burawlama üçin täze obýektleri kesgitlär.

Kükürtsiz gazyň öndürilmeginiň nebitgaz pudagynyň hünärmenleri üçin möhüm meseledigini belläp geçmek gerek. Günorta-Gündogar Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşen Malaý ýatagy kükürtsiz gazyň potensial çeşmelerine eýedir. Öň geçirilen buraw işleriniň netijesinde Agarguýy — 5, Täjibaý — 1 we Çartak — 54 guýular boýunça kükürtsiz gazyň akymy alyndy.

«Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlar merkeziniň tejribeli hünärmenleriniň çekýän öndürijilikli we netijeli zähmeti esasynda 2024-nji ýylda täze gazylan Täçmyradow-2 belgili guýudan kükürtsiz gazyň uly senagat akymy alyndy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993