Önümli täze guýy

Önümli täze guýy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary özleşdirmeklige, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen gözleg-gazuw işlerine saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň baýlyk gözleýjileri Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar känindäki 79-njy belgili ulanyş maksatly guýudan gaz kondensatynyň senagat akymyny almagy başardylar.

Öňde goýlan anyk wezipelerden ugur alyp zähmet çekýän Goturdepe buraw işleri müdirliginiň Nury Maşadow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar toparynyň bu üstünligi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygyna toý sowgady boldy. Uzynada baýlyklar känindäki taslama çuňlugy 6 müň 800 metr bolan 79-njy belgili ulanyş guýynyň 6 müň 642 — 6 müň 648 metr çuňlugyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy. Geçirilen synag işleriniň netijesinde bu baýlyklar käninden senagat ähmiýetli gaz kondensat akymynyň alynmagy Uzynadanyň nebitgaz gorunyň has ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Täze guýynyň gazuw işlerinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen ZJ-70-DB kysymly buraw desgasy ulanyldy.

Täze guýy synag-sazlaýyş işlerinden soň «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. Häzirki wagtda bu guýy bir gije-gündizde 90 müň kub metr tebigy gaz we 75 tonna gaz kondensatyny berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen kararlardyr çözgütlerden ruhlanýan Goturdepe buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri döwrebap zähmet çekmäge döredip berýän dünýä nusgalyk mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993