7-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin iki günlük iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde döwletara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyz Arkalaşyga agza döwletler bilen taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýup, GDA-nyň çäklerindäki möhüm duşuşyklardyr forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýar. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 8-nji oktýabrda boljak nobatdaky mejlisine gatnaşmagy ýurdumyzyň Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly dialoga ygrarlydygynyň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüler.