TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi

TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebithimiýa önümlerini, hususan-da, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, jins matasy, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 395 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 8 million 168 müň manada deň bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi satyn aldylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993