Türkmenistan energetika ulgamynda GDA-nyň çägi boýunça we onuň çäkleriniň daşynda energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberiniň, ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisinde aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy merkezi metbugatda çap edildi.
“GDA-da «ýaşyl» ykdysadyýet üçin şertleriň döredilmegini, az uglerodly energiýa daýanýan ykdysady we önümçilik klasterleriniň kemala getirilmegini hyzmatdaşlygymyzyň örän möhüm ugry hasaplaýarys” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
“Ýurtlarymyzda bar bolan ylmy-tehnologik mümkinçilikleri herekete getirip, bilelikdäki ylmy-barlag hyzmatdaşlygy üçin şertleri döredip, bu wezipäni durmuşa geçirmäge häzirden girişmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutany nygtady.