Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Dim-nde geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmelerde ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat ýaly ykdysadyýetiň möhüm  ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine hem garalyp geçildi.

Türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, Gazagystan tarapyna bolsa, Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ý.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem taraplar bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar. Çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen anyk taslamalaryň durmuşa geçirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi. Hususan-da, 8-nji oktýabrda geçirilen Türkmen-Gazak işewür geňeşiniň mejlisiniň netijeli häsiýeti bellenildi.

Taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek baradaky meýillerini tassykladylar.

Iki ýurduň «Merkezi Aziýa+» formatlardaky, şeýle hem halkara we sebitara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.  Şunuň bilen baglylykda, gazak tarapyna Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň goldanylýandygy we BMG-niň çäklerinde kabul edilen kararnamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993