Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň we Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ýokary derejedäki gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda howa we awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyklara gol çekildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda weterinariýa we maldarçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda azyk we oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda medeni hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.