Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalyk ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmak barada iberen çakylygy hem-de bu şanly senäniň hormatyna döredilen ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Özbegistanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berilýär diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi hem-de Aşgabatda geçirilen halkara forumyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda wagtyň synagyndan geçen hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993