Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Prezidenti bilen energetika we ulag ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Prezidenti bilen energetika we ulag ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika we ulag ulgamyndaky taslamalar boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.

16-njy oktýabrda Yslamabatda geçirilen duşuşykda ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetika we ulag ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige uly ähmiýet berilýändigi beýan edildi.

Şu nukdaýnazardan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde bilelikdäki işleri güýçlendirmegiň möhümligi bellenildi.

Energetika we ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işleriň tamamlanmagyna aýratyn üns berildi.

Özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek kesgitlenildi. Bu ugurda haryt dolanşygyny artdyrmak we özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň barşynda Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşantlary üçin özüniň hormatyny we hoşallygyny beýan etdi.

15-nji oktýabrda Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen geçirilen duşuşykda TOPH gaz geçirijisiniň we TOP ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işi gutarmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993