Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

16-njy oktýabrda Pakistana saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Türkmen tarapy öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ŞHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin obýektiw we hakyky mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda, ŞHG-na agza ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen, hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy ýaly territorial we gurluş taýdan özara baglanyşykly geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ünsi jemlemek teklip edildi.

Ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselesine degip geçen türkmen wekiliýeti, Hazar deňziniň gündogar kenarýakasy boýunça Eýrana we Hindistana çykalgasy bolan «Demirgazyk - Günorta» ulag geçelgesiniň ähmiýetini nygtady.

Söwda dolanşygyny mundan beýkäk hem ýokarlandyrmak we işewür toparlaryň arasynda göni aragatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993