Täsirli geçen bäsleşikler

Täsirli geçen bäsleşikler

Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebiniň guramagynda müdirligimiziň iş diwanynda, awtoulag meýdançasynda, gulluklarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda sportuň şaşka görnüşi boýunça geçirilen ýaryş juda çekeleşikli boldy. Birnäçe gün dowam eden bu bäsleşigiň jemleýji oýunlary welaýat merkezi Balkanabat şäherinde geçirildi.

Bäsleşigiň erkekleriň arasyndaky ýeňijisi — müdirligiň Awtoulag meýdançasynyň sürüjisi Rejepmyrat Gojaýew garşydaşlarynyň ählisini ýeňlişe sezewar edip, I orny eýelemegi başardy. Müdirligiň awtoulag meýdançasynyň sürüjileri Kerim Durdyýew II orna, Amanberdi Garajaýew III orna mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasynda müdirligiň gaz ölçeýji enjamlaryň hasabyny ýöretmek we gözegçilik etmek gullugynyň 1-nji derejeli inženeri Bagtygül Kuliýewa I orny eýelemegi başardy. Müdirligiň düýpli gurluşyk bölüminiň esasy inženeri Akbibi Atabaýewa II orna, elektrohimiýa gorag gullugynyň ussasy Gözel Hajymyradowa III orna mynasyp boldular.

Çekeleşikli geçen ýaryşyň ýeňijilerine müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hem-de Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebi tarapyndan taýýarlanan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

* * *

Ýakynda «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli müdirligiň iş diwanynda, gulluklarynda, «Balkanabatşähergaz» gaz hojalyk edarasynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda türgenler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Birnäçe gün dowam eden bu bäsleşikleriň jemleýji oýunlary welaýat merkezi Balkanabat şäherinde geçirildi.

Ýaryşda «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň sanly hasaplaýyş gullugynyň başlygy Täzemyrat Baýramsähedow I orna mynasyp boldy. Müdirligiň merkezi dispetçer gullugynyň dispetçeri Guwanç Hangeldiýew II, gaz ölçeýji enjamlaryň hasabyny ýöretmek we gözegçilik etmek gullugynyň başlygy Amanguly Hanow III orny eýelemegi başardy.

Çekeleşikli geçen ýaryşyň ýeňijilerine müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993