“Türkmengaz”: Gaýtadan dikeldilýän energetika maýa goýumlar hyzmatdaşlyk üçin täze sepgitleri açýar

“Türkmengaz”: Gaýtadan dikeldilýän energetika maýa goýumlar hyzmatdaşlyk üçin täze sepgitleri açýar

Gaýtadan dikeldilýän energetika maýa goýumlar halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu barada "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2024» (OGT 2024) Halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde eden çykyşynda belledi.

M.Arçaýew çykyşynda şu ýylda gaýtadan dikeldilýän energetika çeşmelerine, ýagny gün, şemal we suw energiýasyna aýratyn üns berilýändigini nygtady. Ol, bu çeşmeleriň diňe bir artykmaçlyk däl, eýsem, ýurtlarymyzyň we bütin dünýäniň durnukly ösüşi üçin gözbaşy boljak täze döwre girilýändigini belledi. Türkmenistanyň bu prosesde ygtybarly hyzmatdaşdygyny aýtdy.

M.Arçaýew şeýle hem uglerod yzyny azaltjak we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berjek täze tehnologiyalaryň ornaşdyrylmagynyň we hyzmatdaşlyk taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň möhümdigini belledi. Şeýle hem, bu ekologiýa maksatlaryny goldamak bilen bir hatarda, Merkezi Aziýanyň ähli ýurdy üçin energetika howpsuzlygyny berjaý etmäge ýardam eder.

"Türkmenistan tebigy serişdeleri baý bolup, bu ulgamda strategik orny eýeleýär"- diýip, Myrat Arçaýew aýtdy we bu mümkinçiligi daşary ýurtlardan energetika üpjünçiligine baglylygy azaltmak üçin peýdalanmaklygy belledi.

Çykyşynyň ahyrynda, konferensiýanyň ähli gatnaşyjylaryny açyk diolog we hyzmatdaşlyga çagyrdy.

"Geliň durnukly energetika geljegini döretmek üçin güýçlerimizi birleşdeliň, bu diňe biz üçin däl, eýsem geljek nesiller üçin hem peýda getirer" — diýip, ol netijeli maslahatlaşmalara umyt bildirdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993