“Türkmengaz” DK-nyň we CNPC-niň ýolbaşçylary gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

“Türkmengaz” DK-nyň we CNPC-niň ýolbaşçylary gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň Hytaýyň iri nebitgaz kompaniýasy bolan CNPC kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Çžan Daoweý bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplaý gaz ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşdylar. Maksat Babaýew tebigy gazy çykarmakda we ugratmakda düýpli netijeleri beren hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň we giňeltmegiň möhümligini belledi.

Taraplar şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri we uglerod zyňyndylaryny azaldýan tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçdiler.

Duşuşyk netijeli ýagdaýda geçdi, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge we gaz ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993