Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” 29-njy halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Forum 23-25-nji oktýabrda geçirildi.
Iri pudaklaýyn forum Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda geçirildi.
Çärä 250 kompaniýadan, halkara guramalaryndan, habar beriş serişdelerinden we maliýe edaralaryndan 800-den gowrak wekiller gatnaşdy. Olar 52-den gowrak döwlete wekilçilik etdiler. Forumyň işini dünýäniň öňdebaryjy habar beriş serişdeleri şöhlelendirdi.
«OGT 2024-niň» maksatnamasynyň mazmuny energetiki geçiş, energiýa çeşmeleriniň täze eksport ugurlary we uglerod gorunyň çykarylyşynda ekologiýa meseleleri öz içine aldy. Foruma ýangyç-energetika, himiýa we maliýe pudaklarynda halkara kompaniýalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri, Türkmenistanyň ýolbaşçylary, şeýle-de alymlar gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, uglerod çeşmeleriniň ygtybarly iberilişi we energiýanyň alternatiw görnüşlerini öndürmek meselelerini ekologiýa talaplaryna we energetikanyň durnukly ösüşine aýratyn üns berip ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň jemleri jemlenenden soň, foruma gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy. Sergä we maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
«OGT 2024» halkara maslahaty milli we halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we nebit-gaz pudagynyň geljegini emele getirýän tejribe alyşmak üçin möhüm platforma boldy.