Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” döwlet konsernine Birleşen Arap Emirlikleriniň “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen ýöriteleşdirilen tehnikalary satyn almak üçin şertnamana baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.
“Ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine guýularda sementleme we berkitme, düýpli abatlama işlerinde ulanmak üçin niýetlenen awtoulagda oturdylan degişli möçberdäki sementleýji agregaty ornaşdyrmak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi” diýlip, resminamada aýdylýar.
Kararyň taslamasyny anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna wise-premýer B.Amanow hödürledi.
Wise-premýer B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Prezident hasabaty diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň zerurdygyny belledi hem-de ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.