Noýabrda türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

Noýabrda türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

Prezident Serdar Berdimuhamedow 26-27-nji noýabrda Aşgabat şäherinde III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary forumy guramaçylykly geçirmekde Ylymlar akademiýasyna ýardam bermäge borçly edildi.

25-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler.

Şeýle hem forumda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993