Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi

Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Täjigistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 561 müň dollaryndan gowrak bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropilen («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplük we nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 91 müň manatdan gowrak boldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993