«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara forumyna gatnaşyjylara söz berýäris

16:01 29.10.2024 128

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/12249/original-16720c0612eac6.jpg

«Sino Petroleum Technology inc» (SPT) hytaý kompaniýasynyň direktorynyň orunbasary Gen Ten Ten:

— Biziň kompaniýamyz Aşgabatda her ýyl geçirilýän halkara nebitgaz forumyna yzygiderli gatnaşýar. Şu gezek geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi oňa gatnaşanlaryň sany bilen tapawutlandy, munuň özi ýurduň möhüm pudagyny ösdürmäge täze itergi berýän giň gerimli çärä bolan gyzyklanmanyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Serginiň çäklerinde biz köne dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen duşuşdyk, aýratyn-da, täze hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýandygymyzy bellemek gerek. Sergide täze enjamlar we tehnologiýalar, şeýle hem nebiti, gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümler bilen giňden tanyşdyryldy, munuň özi pudagyň täze meýilleri, islegleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Biziň kompaniýamyz Türkmenistanda 17 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär. Biz öňdebaryjy tehnologiýalary, ýokary hilli enjamlary ulanmak bilen kompressorlara tehniki taýdan hyzmat etmek, gurallary taýýarlamak, ýataklara tehnologik hyzmatlary etmek we beýleki işleri ýerine ýetirýäris.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly maslahatyň tematikasy örän derwaýys we gyzykly bolup durýar. Şu gezek geçirilen forum pikir alyşmak, hyzmatdaşlygy berkitmek we strategiýalary işläp taýýarlamak üçin niýetlenen platforma öwrüldi. Bu möhüm sebit we halkara wakasy nebitgaz taslamalarynyň esasy meseleleri boýunça tejribe alyşmak üçin ýokary wezipeli ýolbaşçylary bir ýere jemledi, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagyň ugurlary hem-de ileri tutulýan taslamalar barada täze maglumatlary almaga mümkinçilik döretdi.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi hem-de tejribe alyşmaga, dünýä energetikasynyň geljegi üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk baglaşmaga bolan islegi artdyrdy.

Başga makalalar
1657019ea0a6fc.jpg
Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Sişenbe güni Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.


161e552b6c2b8b.jpeg
«Lebapgazçykaryş»: 2021-nji ýylda 12,4 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy

Geçen 2021-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri ýokary öndürijilik netijelerini gazandylar. Kärhana boýunça tebigy gazyň çykarylyşyny 12,4 mlrd kub metre barabar boldy, meýilnama 134% ýerine ýetirildi.


161e551a114cba.jpeg
Owganystanyň Hökümet wekiliýeti Türkmenistanyň DIM-inde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maslahatlaşdy

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýet bilen ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161e551666f724.jpeg
«Türkmennebit» we «Tatneft» «Goturdepe» ýatagynda hyzmatdaşlyk hakynda goşmaça ylalaşyk baglaşylar

“Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama boýunça Goşmaça ylalaşygy baglaşar.


165716ec7b655c.jpg
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň wise-prezidenti bilen döwletara gatnaşyklarynyň geljegini maslahatlaşdy

Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi diýip, TDH habar berýär.