Gazagystan Türkmenistan bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garaýar

Gazagystan Türkmenistan bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garaýar

Gazagystanyň «QazaqGaz» milli kompaniýasy “Türkmengaz” DK bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe başlangyçlary öwrenýär diýip, LSM.kz saýtynda habar berilýär.

Şol sanda bilelikdäki geologiýa gözleg işlerini geçirmek üçin iki ýurduň geljegi uly meýdançalaryny maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Bu ugurda mundan beýläkki işler üçin degişli maýa goýum ylalaşyklaryna gol çekmek zerur.

Şeýle hem Türkmenistandan tebigy gazy import etmek meseleleri babatda gepleşikler dowam edýär. Ibermeleriň möçberleri taraplaryň söwda we tehniki şertlerini nazara alyp kesgitleniler.

«QazaqGaz» kompaniýasynda bellemeklerine görä, içerki bazarlar häzirki wagtda gazak gazy bilen üpjün edilýär. Diňe aşa köp sarp ediş döwürlerinde import edilýär.

“Ýetmezçilikleriň ýüze çykmagy içerki sarp edişiň depginine we ýerli gaz üpjün edijiler tarapyndan hazyrtlyk gazyň üpjünçiliginiň durnuklylygyna baglydyr” diýip, «QazaqGaz» belleýär.

Şol bir wagtda täze gaz känlerini işläp taýýarlamak, gazy gaýtadan işleýän we iberýän kuwwatlyklary gurmak we abatlamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Öň milli kompaniýanyň ýolbaşçysy Sanjar Žarkeşow LS portalyna beren gürrüňinde, Gazagystanda gazyň sarp edilişiniň ýakyn 10-15 ýylda iki esse artyp biljekdigini belledi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993