Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2024-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda 58% artdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinde aýtdy diýip, Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.
“Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy oňyn depgini görkezýär. Şu ýylyň ýedi aýynyň netijeleri boýunça haryt dolanyşygy nyrh aňlatmasynda 58% artdy” diýip, Owerçuk aýtdy.
“Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin biz 2025-2027-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyny işläp taýýarladyk, ol ylalaşmak üçin tamamlaýjy tapgyra geldi” diýip, Owerçuk belledi.
Ol 2025-nji ýylyň başynda toparyň nobatdaky mejlisiniň meýilleşdirilýändigini belledi. “Biz toparyň 13-nji mejlisini geçirmegi meýilleşdirýäris, onda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi maslahatlaşylar we geljek üçin meýilnamalar düzüler” diýip, Owerçyk aýtdy.
Haryt dolanyşygynyň oňyn depgini bilen taraplar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegi maksat edinýärler.