Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» (CIET 2024) halkara maslahatynda GIZ-iň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Ýoahim Fritz ýurdumyzyň energetika pudagyny goldamaga gönükdirilen guramanyň täze başlangyçlaryny hödürledi diýip, News Central Asia (nCa) habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi.
Fritziň bellemegine görä, GIZ Merkezi Aziýada energiýa netijeliligini we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilen birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär.
Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde “Ýaşyl Türkmenistan üçin Ýewropa Bileleşigi: howa boýunça syýasy dialog 2024-2028” taslamasy işe girizildi. Taslamanyň maksady – howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmekde Türkmenistany goldamak we energetika we daşky gurşawy goramak ulgamynda Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli syýasy dialogyýol goýmak bolup durýar.
Taslamanyň çäklerinde iki sany uly bolmadyk synag taslamalaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Birinjisi – howanyň üýtgemegine üýgunlaşmak boýunça çäreleri girizmek. Ol syzdyrmalary ýüze çykarmak we aradan aýyrmak üçin programma üpjünçiligini enjamlaryny oturtmaga gönükdiriler. Ikinji taslama suwotularyny ulanyp, lagym suwlaryny arassalamaga we gün energiýasy bilen suwy daşamak ulgamyny ornaşdyrmaga gönükdiriler.
Mundan başga-da, Fritziň aýtmagyna görä, maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň täze taslamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekiler diýip, nCa habar berýär.