Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň Bişkekde geçirilýän sammitine gatnaşar

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň Bişkekde geçirilýän sammitine gatnaşar

Şu gün, 6-njy noýabrda Gyrgyz Resbublikasynyň Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) nobatdaky XI sammiti geçiriler. Sammite gurama agza döwletleriň ýolbaşçylary, şeýle-de gurama synçy döwletler bolan Türkmenistan bilen Wengriýanyň ýolbaşçylary gatnaşar diýip, Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.

Duşuşygyň möhüm netijesi 2025-nji ýyla TDG-niň başlyklygynyň Gazagystandan Gyrgyzystana geçirilmegi bolar. Bu çäre guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň depginli ösüşini we halkara meýdançasynda bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmegiň möhüm ädimi bolup durýar.

Sammitiň gün tertibindäki meseleler «Türki dünýäni güýçlendirmek: Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş, sanly gelejek we hemmeler üçin howpsuzlyk» şygary esasynda ara alnyp maslahatlaşylar. Sammite gatnaşyjylar, TDG agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, sanly tehnologiýalara geçmek we sebitdäki howpsuzlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Türki Döwletleriniň Guramasyna Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan girýär, Türkmenistan hem-de Wengriýa bolsa synçy ýurt hökmünde gatnaşýar. TDG duşuşyklarynda syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem agza ýurtlaryň halkara giňişlikde bähbitlerini gorap saklamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993